Türkmen türgenleri XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna barýar!

Türkmen türgenleri Halkara olimpiýa komitetiniň Prezidentiniň çakylygy boýunça, sportuň dört görnüşi – dzýudo, agyr atletika, suwda ýüzmek we ýeňil atletika boýunça şu ýylyň 26-njy iýuny bilen 11-nji awgusty aralygynda Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşarlar.

Şu gün ýurdumyzyň 19 adamdan ybarat sport wekiliýeti (sportuň dört görnüşi — dzýudo, agyr atletika, suwda ýüzmek, ýeňil atletika boýunça çykyş edýän 6 türgen) Fransiýanyň paýtagty Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin ýola düşdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok