Napoleonyň iki sany sapançasy 1,69 million ýewro satyldy

XIX asyryň başlarynda Fransiýany dolandyran Napoleon Bonaparta degişli iki sany gadymy sapança bäsleşikli söwda-da (auksionda) 1,69 million ýewro satyldy.

Bäsleşikli söwda, Fontainbleau köşgüne ýakyn Osenat auksion öýünde geçirildi. Parižli ýarag ussasy Lui-Marin Gosset tarapyndan ýasalan ýaraglara 1,2 – 1,5 million ýewro çenli baha kesilipdi.

Ýakynda Fransiýanyň Medeniýet ministrligi sapançalara “milli hazyna” statusyny beripdi we daşary ýurda eksport etmegi gadagan etdi. Bäsleşikli söwdanyň soňunda, fransuz hökümeti sapançany satyn alan adamyň şahsyýetini aýan etmedi.

Altyn we kümüş çaýylyp ýasalan sapançalaryň ýüzünde Napoleonyň ady ýazylan. Hasaplamalara görä, sapançalar soňky gezek 1814-nji ýylyň 12-nji aprelinde ulanylypdyr.

Şeýle hem auksionda, sapançalaryň ýarag gutusy we ýaraga däri salmak üçin niýetlenen demir bölegi ýaly käbir beýleki esbaplar hem satyldy.

Napoleonyň ulanan zatlary auksionlarda iň köp gözlenýän zatlaryň biridir. Mundan öň, Napoleona degişli başgap geçen ýylyň noýabr aýynda geçirilen auksionda 1,9 million ýewro satyldy.

Aýnäzik HOJAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok