2025-nji ýylda Warşawada Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklarynyň sergisini guramak meýilleşdirilýär

Türkmenistan we Polşa medeni we ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygyň, şol sanda muzeýleriň üsti bilen aragatnaşyk gurmagyň geljegi barada pikir alyşdylar. Bu barada 5-nji iýulda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilip geçildi.

Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň dowamynda Warşawada Türkmenistandaky muzeý eksponatlarynyň, şol sanda polýak medeniýetine degişli gymmatlyklaryň sergisini guramak boýunça işleriň geçirilmegi teklip edilýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, Polýak tarapy şu ýylyň 17-nji maýynda Aşgabatda açylan «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda meşhur şahyr Adam Miskewiçiň heýkeliniň oturdylandygy üçin hoşallygyny bildirdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok