Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gurnamagynda Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen mental arifmetika boýunça bäsleşigiň jemleri jemlendi.
Bu bäsleşige ýurdumyzyň dürli künjeklerinden 6-14 ýaşly zehinli mekdep okuwçylarynyň 110-sy gatnaşyp, özara bäsleşdiler. Yzygiderli 2 gün dowam eden bäsleşigiň açylyş gününde mekdep okuwçylary mental arifmetikanyň “Zehin senenamasyny hasaplamak”, “Mental kwadrat kök almak”, “Ýatdan goşmak”, “Ýatdan köpeltmek” görnüşleri boýunça güýçlerini synadylar. Bäsleşigiň jemleýji gününde mekdep okuwçylary mental arifmetikanyň “Flaş anzan marafony” görnüşi boýunça bäsleşdiler.
Şol sanda, Bäsleşigiň geçirilýän döwründe oňa gatnaşýan mekdep okuwçylary üçin paýtagtyň gözel ýerlerine gezelençler gurnaldy. Bäsleşigiň açylyş we ýapylyş dabaralarynda Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň döredijilik topary aýdym-sazlar bilen çykyş etdiler.
Bäsleşige mekdep okuwçylarynyň ene-atalary, hossarlary we mugallymlary, şeýle-de bu ugra gyzyklanma bildirýän janköýerler hem gatnaşyp, ýaş arifmetikaçylara ruhy goldaw berdiler. Şonuň netijesinde, bäsleşikde mental arifmetikanyň 4 ugry boýunça Türkmenistanyň täze milli rekordy goýuldy. Bu bolsa bilim ulgamy babatynda mental arifmetika boýunça iň ýokary görkezijidir.
Netijelere laýyklykda:
– “Ýatdan köpeltmek (8×8)” görnüşi boýunça 1-nji orna Aşgabat şäherindäki 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Berdiýewa Liwanur, 2-nji orna Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki 3-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Batyrow Mekan, Aşgabat şäherindäki 2-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Altyýewa Ogulmaral;
– “Ýatdan kwadrat kök (alty belgili) almak” görnüşi boýunça 1-nji orna hem-de Milli rekorda Aşgabat şäherindäki 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Berdiýewa Liwanur, 2-nji orna Aşgabat şäherindäki 49-njy orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Kakaýewa Leýli, 3-nji orna Mary welaýatynyň Mary şäherindäki 3-nji orta mekdebiniň 6-nji synp okuwçysy Şahanow Hojanazar;
– “Ýatdan goşmak” görnüşi boýunça 1-nji orna hem-de Milli rekorda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Bahadurow Eldar, 2-nji orna Aşgabat şäherindäki 2-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Altyýewa Ogulmaral, 3-nji orna Aşgabat şäherindäki 16-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Saparow Kerim;
– “Zehin senenamasyny hasaplamak” görnüşi boýunça 1-nji orna hem-de Milli rekorda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Nurgeldiýew Mekan, 2-nji orna Aşgabat şäherindäki 2-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Altyýewa Ogulmaral, 3-nji orna Aşgabat şäherindäki 97-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Durdymämmedow Ibrahim Hikmet;
– «Flash Anzan marafony» görnüşi boýunça:
6 ýaşly okuwçylaryň arasynda, 1-nji orna Aşgabat şäherindäki 6-njy orta mekdebiniň 1-nji synp okuwçysy Gurbandurdyýew Bekgi, 2-nji orna Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki 12-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Gurbanow Gurban, 3-nji orna Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 41-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 1-nji synp okuwçysy Saşliýew Imam;
7 ýaşly okuwçylaryň arasynda, 1-nji orna Mary welaýatynyň Mary şäherindäki 11-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Amanowa Aýgül, 2-nji orna Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 29-njy orta mekdebiniň 1-nji synp okuwçysy Bahadurow Mirali, 3-nji orna Aşgabat şäherindäki 12-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Zelenskiý Emil;
8 ýaşly okuwçylaryň arasynda, 1-nji orna Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky iňlis dili we takyk derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Berdimuhammedow Emir, 2-nji orna Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň 41-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Jumayew Hajy, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki 6-njy orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Nyýazdurdyýew Ramazan;
9 ýaşly okuwçylaryň arasynda, 1-nji orna hem-de Milli rekorda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Nurgeldiýew Mekan, 2-nji orna Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Ýusupowa Aýgül, 3-nji orna Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 38-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Begenjow Rowaç;
10 ýaşly okuwçylaryň arasynda, 1-nji orna Mary welaýatynyň Mary şäherindäki 3-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Şahanow Hojanazar, 2-nji orna Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 11-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy, 3-nji orna Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki 21-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Maşdyýew Hezret;
11 ýaşly okuwçylaryň arasynda, 1-nji orna Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki 2-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Çerkezow Ýeňiş, 2-nji orna Aşgabat şäherindäki 143-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Ýusupow Allaguly, 3-nji orna Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 16-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Anwarow Döwlet;
12 ýaşly okuwçylaryň arasynda, 1-nji orna Aşgabat şäherindäki 2-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Altyýewa Ogulmaral, 2-nji orna Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň 41-nji orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Merdanow Ýakub, 3-nji orna Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Gökdepe şäherindäki ýöriteleşdirilen 18-nji orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy Aşyrow Aýnazar dagylar mynasyp bolmagy başardylar.
Şeýlelikde, bäsleşikde ýeňiş gazanan okuwçylara Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň diplomlary we gymmat bahaly sowgatlar, şonuň ýaly-da bäsleşigiň ýokary guramaçylykly geçmegine işjeň gatnaşan hünärmenlere Minnetdarlyk hatlary gowşuryldy.
Teswirler
Gaty gowy görkezijiler. Tuweleme