Ýakynda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijileri, ýagny ýaş alymlar kesgitlenildi. Ýeňijilere sylaglary gowşurmak dabarasy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirildi. Sylag gowşurmak dabarasyna ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň, pudaklaýyn edaralaryň we önümçilik birleşikleriniň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, orta hünär okuw mekdepleriniň okuwçylary, şeýle-de ylmy işe höwesli dürli hünärdäki ýaşlar gatnaşdylar.

Bilşimiz ýaly, bäsleşik her ýyl Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda, 12-nji iýun ylymlar güni mynasybetli geçirilýär.

Dabaranyň açylyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine iberen Gutlagy okaldy.

Bäsleşige gatnaşyjylar nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary; innowasion ykdysadyýet; ynsanperwer ylymlar ýaly ugurlar boýunça bäsleşdiler.

Bäsleşikde jemi 107 sany ýaş alymlar ýeňiji hökmünde saýlanyldy. Ýeňijilere Şahadatnamalar hem-de Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Şeýle-de dabaranyň dowamynda halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş eden, baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlara hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy boldy.

Şonuň ýaly-da, dabaranyň dowamynda Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň zalynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem-de mekdep okuwçylarynyň taýýarlan ylmy taslamalarynyň sergisi gurnaldy.
Teswirler