14-nji iýun — Bütindünýä donorlar güni

“Donor” latyn sözi bolup, ol “Gan tabşyrýan adam öz ganyny sowgat edýär” diýen manyny aňladýar. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň 2005-nji ýylyň maý aýynda Ženewa şäherinde geçiren 58-nji sessiýasy 14-nji iýuny gan toparyny açan lukman K. Landşteýneriň doglan gününi Bütindünýä donorlar güni diýip tassyklady. Şondan bäri hem dünýä ýüzünde, şol sanda Türkmenistanda hem Bütindünýä donorlar güni bellenilip geçilýär.

Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda ýurdumyzda 18-60 ýaş aralygynda bolan, meýletin gan bermäge razylyk beren her bir adam donor bolup bilýär. Şeýle hem donor boljak adam sagat we onuň ganynyň möçberi özüne ýeterlik bolmalydyr. Türkmenistanyň Zähmet Kodeksiniň 156-njy maddasy esasynda donorlara ýeňillikler kepillendirilýär.Ýagny, donorlar gan tabşyran günleri işden boşadylýar we goşmaça dynç günleri berilýär. Olar şol dynç günlerini isleglerine görä zähmet rugsadyna goşup hem alyp bilýärler.

Ýurdumyzda donorçylyk döwlet tarapyndan giňden goldanýar. Bu babatda «Ganyň donorçylygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hereket edýär. Onda donorlar sosial tarapyndan Kanun esasynda goraglydyr. Donorlaryň saglygyny goramak, gany we düzüm böleklerini tabşyrmakda howpsuzlygy, olaryň öwezini doldurmak kanun esasynda üpjün edilendir.

Azat HALMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok