Russiýa we Hytaý Aýda bilelikdäki stansiýany döredýärler

Russiýa we Hytaý Aýda bilelikde stansiýa döretmegi meýilleşdirýärler. Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Hytaý bilen “Halkara Aý ylmy stansiýasynyň döredilmegini” tassyklamak baradaky kanuna gol çekdi.

Taslama laýyklykda, Russiýanyň Federal kosmos gullugy (ROSCOSMOS) we Hytaýyň Milli kosmos dolandyryş gullugy (CNSA) bilelikdäki kosmos gözleglerini geçirmegi meýilleşdirýär.

Roskosmos-yň baş müdiriniň orunbasary 28-nji maýda bu taslamanyň Türkiýe, Päkistan, Birleşen Arap Emirlikleri, Belarussiýa we Günorta Afrika ýaly 12 ýurdy öz içine alýandygyny habar berdi.

Ýeri gelende belläp geçsek, Russiýa bilen Hytaýyň hökümetleriniň arasynda 2022-nji ýylyň 25-nji noýabrynda halkara ylmy Aý stansiýasyny döretmek barada şertnama baglaşyldy.

Merdan ALLAGULYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok