Täze geçirilen gözleg, Norfolk kenaryndaky “Seahenge” atly 4 müň ýyllyk agaç gurluşyň syryny ýüze çykardy. Miladydan öňki III müňýyllygyň ahyrynda, howanyň aşa ýaramazlaşan döwründen soň gurlandyr öýdülýän bu bina ilkinji gezek 1998-nji ýylda Demirgazyk Norfolk kenaryndaky “Holme-next-the-sea” deňiz plýajynyň çägeleriniň süýşmegi netijesinde tapyldy.
Biri-birine ýakyn 55 dub agaçdan ybarat bolan sütünler ilkibaşda deňizden uzakda ýerleşýän duzly batgalykda gurlupdyr. Gözlegçiler bu gurluşlaryň miladydan öňki 2049-njy ýyldan galan agaçlardan edilendigini çaklaýarlar.
Müňlerçe ýyl ozal gurlan binany çüýremekden goraýan torf gatlagy bar. Şeýle hem gurluşa ýanaşyk we şol bir döwre degişli ikinji halkalar hem bar. Öňki gözlegler bu desgalaryň adam ölümini hatyralamak üçin gurlan bolmagynyň mümkindigini belleýär.
Şeýle-de bolsa, täze bir gözlegde “Seahenge” atly 4 müň ýyllyk agaç gurluşyň we ýanaşyk ýerdäki halkalaryň agyr we sowuk howa şertleriniň höküm süren döwründe däp-dessurlar üçin gurlan bolmagynyň mümkindigini ýüze çykardy.
Yslam TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.
Teswirler