Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlandy

Golaýda, BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habara laýyklykda, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanyldy. Munuň özi Watanymyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygynyň ykrarnamasydyr.

Ýatladyp geçsek, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygynyň orunbasarlygyna 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji, 71-nji, 75-nji we 77-nji sessiýalaryna saýlandy. Bu diýmek, Türkmenistan abraýly halkara guramanyň ýolbaşçylygyna 8-nji gezek saýlandy.

Ýurdumyza nobatdaky gezek şu wezipäniň ynanylmagy Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokary derejesine, hormatly Prezidentimiziň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasy ugrunyň ýokary abraýa eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.

Şol bir wagtyň özünde munuň özi ýurdumyzda milli bähbitlere hem-de ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek wezipelerine laýyk gelýän köp ugurly diplomatiýanyň üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Begenç ANNAGELDIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok