Geljekde Ýerdäki bir gije-gündiz 25 sagat bolar!

Alymlar Aýyň Ýerden uzaklygynyň wagtyň geçmegi bilen üýtgändigini we munuň planetamyzdaky wagta täsir edýändigini anykladylar.

Alymlaryň pikiriçe, takmynan 1,4 milliard ýyl ozal Ýeriň doly öwrümi 18 sagat töweregi wagty alýardy. Bu bolsa, şol döwürde Aýyň Ýere has ýakyndygyny, şonuň üçin Aýyň agyrlyk güýjüniň Ýeriň aýlanma tizligini ýokarlandyrýandygyny aňladýar. Şol sebäpli hem ol wagtlar günler has gysga we dünýä has çalt aýlanýardy.

Wiskonsin-Madison uniwersitetiniň gözleg topary, 2022-nji ýylda professor Stiwen Maýersiň ýolbaşçylygynda Ýeriň geçmişine dolanyp, Gün ulgamynyň öňki keşbini täzeden janlandyrmagy maksat edinip işe girişdiler.

Topar 90 million ýyl dowam eden gaýalaryň emele gelen ýataklaryny gözden geçirip, gözlegleriň netijesinde Aýyň ýylda ortaça 3,82 santimetr Ýerden uzaklaşandygyny anyklady.

Gözegçilikleriň ahyrynda 200 million ýyldan soň Ýerdäki günleriň 25 sagat dowam etjekdigini çakladylar. Şeýle-de bolsa, alymlar Aýyň 4,5 milliard ýyllyk ýaşynyň bardygyny ýatdan çykarmaly däldigini bellediler. Şol sebäpli, olaryň hasaplamalarynda birneme ýalňyşlyk bolup biljekdigi aýdylýar.

Gülbahar RAHYMOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok