Dünýäniň iň köne kitaplaryndan biri satuwa çykýar: bahasy 3,8 million dollar

Dünýäniň iň gadymy dini kitaplaryndan biri bolan “Crosby-Schøen Codex” şu gün Londonda auksionda satuwa çykarylýar. Müsürden gelen bu gadymy golýazma, hristiançylygyň iň gadymy dini kitabydyr. 1700 ýyl bäri dowam edip gelýän bu eserde gadymy Müsürde ulanylan kopt dilinde bäş sany irki hristian teksti bar. Olaryň arasynda Injiliň iň gadymy tekstleri, Ýunusyň kitaby we Petrusyň ilkinji haty bar.

Taryhy golýazmanyň gymmaty, 3 million funt (3,8 million dollar) bolar. Gadymy Müsürde 40 ýyl bäri ýazylan papirus plitalaryndan ybarat bolan bu kitapda jemi 104 sahypa golýazma bar. “Crosby-Schøen Codex” kitabynda bäş dürli ýazyjy tarapyndan ýazylan bäş dürli tekst bar, bularyň hemmesi biziň eramyzyň III asyrynda şol bir “golýazmaçy” tarapyndan göçürilipdir.

Bu eser hristian medeniýetiniň we edebiýatynyň döremeginiň esasy mysallaryndan biri hasaplanýar. Kodeksiň mazmuny ýaşy we bitewiligi ýaly ajaýyp. Onda Injiliň iki kitabynyň iň gadymy doly tekstleri bar.

Şu gün Londonyň King Street bäsleşikli söwda ýerinde geçiriljek auksionda seýrek sungat eseriniň bahasynyň 2 milliondan 3 million funt aralygynda bolup biljekdigini çaklanýar.

Gültäç ARAZMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok