1-nji iýundan 15-nji iýuna çenli Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde gutardyş synaglary geçiriler. Bilim ministirliginiň habar bermegine görä, şu ýyl mekdep uçurymlary 4 sany (3 sany hökmany we 1 sany ýöriteleşme) synag tabşyrarlar.
1-nji iýunda 11-nji synpy tamamlan uçurymlaryň ählisi ene dili we edebiýaty dersinden düzme ýazarlar. Düzme ýazmak üçin 6 sagat wagt berler. 5-nji iýunda ýurduň ähli mekdeplerinde algebra we analiziň başlangyçlary dersinden ýazmaça synag alnar. Uçurymlara bu synag üçin 5 sagat wagt berler. Jemgyýeti öwreniş dersinden hem-de ýöriteleşme synagy her bir mekdepde içerki bellenilen tertip esasynda dilden tabşyrylar.
Uçurymlar ýöriteleşme synagyny öz isleglerine görä saýlap bilýärler. Şu ýyl uçurymlar ýöriteleşme synagy üçin takyk ylymlardan fizika dersini, tebigy ylymlardan biologiýany, ynsanperwer ylymlardan bolsa Türkmenistanyň taryhyny saýlap bilerler.
Ýeri gelende belläp geçsek, şu ýyl Türkmenistanda orta mekdepleri 90 müňden gowrak uçurym tamamlar. Olara synaglarda soňra orta bilim hakyndaky şahadatnamalar dabaraly ýagdaýda gowşurylar. Şu ýyl ýedi ýaşynda orta mekdebe baran okuwçylar 11-nji synpy tamamlap, uçurym bolarlar. 6 ýaşynda mekdebe baryp, şu ýyl 11-nji synpy tamamlan okuwçylar bolsa indiki ýyl uçurym bolarlar.
Merdan SERHENOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.
Teswirler