2013-nji ýylyň 25-nji maýynda paýtagtymyz Aziýanyň merjeni Aşgabat şäherimiz özünde ak mermerli jaýlaryň köplügi üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Indi şol ýyldan bäri hem her ýyl asylly däbe öwrülen paýtagtyň güni ýagny 25-nji maý Aşgabat şäheriniň güni hökmünde bellenilýär.
2020-nji ýylyň 1-nji maýynda hem Aşgabat şäheri Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň agzalygyna kabul edildi. Ýene-de bir esasy bellemeli şanly wakalaryň biri 2021-nji ýylda Aşyklaryň şäheri Aşgabatda ilkinji gezek “Aşgabat bahary” atly kinofestiwal guraldy hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan syzylyp çykan “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitaby okyjylar köpçüligine gelip gowuşdy.
Ynha bu ýyl hem ýagny, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ” ýylymyzda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurt başynda durmagynda bu şanly toýa mynasyp sowgatlar bilen barylýar. Ýagny Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly toýuna bagyşlanyp ýaňy-ýakynda Köpetdagyň beýik gerişlerinde misli ak şäheri synlap duran şahyryň beýik heýkeli hem-de seýilgähler toplumy hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berildi.
Şeýle ajaýyp döwletde döredijilik işläp öz ukyp başarnyklarymyzy açyp görkezmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Arkadagly gahryman Serdarymyza talyp kalbymyzdan sagbolsunymyzy aýdýarys. Goý Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin.
Agabaýram ALLABERDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler