Nigeriýanyň Milli muzeýler we ýadygärlikler boýunça milli komissiýasynyň (NCMM) baş müdiri Olugbile Hollowaý, 127 ýyl mundan ozal Germaniýa bikanun ýagdaýda getirilen Benin Patyşalygy döwrüne degişli taryhy eserleriň Edo ştatynyň häkimiýetlerine gowşurylandygyny aýtdy.
Olugbile Hollowaý gowşurylan eserleriň arasynda 1897-nji ýylda daşary ýurtlara bikanun getirilen heýkeller, bronzlar we şa taburalary bar diýdi.
Taryhy eserleriň muzeýde görkeziljekdigini mälim eden Hollowaý, medeniýeti we mirasy janlandyrmak we sergilemek boýunça tagallalaryň dowam etjekdigini belledi.
ABŞ-nyň we Ýewropa ýurtlarynyň dürli muzeýlerinde Nigeriýa degişli ýüzlerçe taryhy eserler sergilenýär. Nigeriýa kolonial döwürde ogurlanan taryhy eserleriň yzyna gaýtarylmagyny talap etmegine garamazdan, käbir ýurtlar taryhy eserleri yzyna gaýtarmak islemeýär.
Durdy BAÝMUHAMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.
Teswirler