Emeli aň arkaly 27 müňden gowrak asteroid tapyldy

Diňe Gün ulgamynda millionlarça hat-da milliardlarça asteroid bar we soňky 200 ýylda alymlar diňe 1,3 million asteroidiň sanawyny düzdüler. Olaryň köpüsi Mars bilen Ýupiteriň arasyndaky asteroid guşagynda ýerleşýär. Asteroidleri öwrenmek, adatça köp wagty we ünsi talap edýän iş bolup durýar. Munuň üçin alymlar THOR atly emeli aň algoritmini işläp düzdüler.

THOR atly emeli aň algoritmi Asteroid institutynyň ýerine ýetiriji direktory tarapyndan döredildi. Emeli aň berlen 400 müňden gowrak suratlary seljermegiň netijesinde 27 müň asteroidi tapmagy başardy.

THOR – 1,7 milliard ýagtylyk nokadyny seljermäge mümkinçilik berýän uly maglumat bazasynda tälim aldy. Algoritm anyk netijeleri bermek üçin soňky 30 günde alnan asmanyň şol bir böleginde takmynan bäş syn etmegi talap edýär.

THOR emeli aň algoritminiň kömegi bilen şol bir wagtyň özünde beýleki teleskoplaryň tapyp bilmedik asteroidlerini tapyp bolýar. Munuň özi astronomiýa ylmynda düýpli üýtgeşmedir. Beýleki tarapdan, THOR ilkinji gezek 2022-nji ýylda teleskoplar bilen tapyp bolmaýan 100 sany asteroidi tapdy. Şondan bäri algoritm kämilleşdirildi. Şeýle-de bolsa, THOR asteroid gözlegleri üçin döredilen ýeke-täk emeli aň algoritmi däl.

2023-nji ýylda Ýere ýakyn asteroidleri awlamak üçin döredilen “HelioLinc3D” atly programma üpjünçiligi, Ýere 225 müň kilometri aralykda ýerleşen 180 metr giňlikdäki kosmos gaýasyny tapdy.

Alymlaryň pikiriçe, THOR we HelioLinc3D ýaly emeli aň esasly programma üpjünçiliginiň kömegi bilen 6 aýyň dowamynda 2,4 milliona çenli täze asteroid tapylar. Bu san häzirki wagta çenli açylan asteroidleriň sanyndan iki esse köpdür.

Güljemal WELSAPAROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok