29-njy maýda Rimde Italiýanyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Antonio Taýani Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň — Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň daşary işler ministrleri bilen duşuşar.
Duşuşyga Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň daşary işler ministrleri gatnaşar. Duşuşykda umumy mejlis we üç iş sessiýasy bolar.
Ýeri gelende belläp geçsek, «5 + 1» görnüşindäki iň soňky ýygnak 2021-nji ýylyň dekabrynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirildi.
Azym BERDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler