Ýaşlaryň dil öwrenmäge bolan höwesini artdyrmak, dünýägaraýşyny giňeltmek we boş wagtlaryny manyly geçirmek maksady bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň «Diller dünýäsi» dil merkezi hem-de S.Türkmenbaşy adyndaky umumy bilim berýän döwlet mekdep-internaty bilelikde “Language Festival” (Dil festiwalyny) geçirdi.
Oňa internatyň mekdep okuwçylary we “Diller dünýäsi” dil merkeziniň diňleýjileri, mugallymlar gatnaşdy.

Festiwal S.Türkmenbaşy adyndaky umumy bilim berýän döwlet mekdep-internatynda erkin görnüşde geçirildi. Onuň çäginde çagalary höweslendirmek maksady bilen dürli görnüşli oýunlar, karaoke çykyşlary we sowgatly sorag-jogap bäsleşigi gurnaldy.

Gurnalan çykyşlaryň dowamynda çykyşlara gatnaşyjylaryň her birine ýadygärlik sowgatlar berildi. Şeýle-de festiwalyň guramaçylygyna hemaýatkärlik eden “Täze Älem” kitap dükanynyň, “InAshgabat” online habar portalynyň adyndan taýýarlanan bijeli sowgatlar paýlandy.
Şeýle-de okaň:
Ýaşlar bilen edebi duşuşyk geçirildi
Teswirler