Myhmanhanalarda daşary ýurtlularyň iýmitleniş aýratynlyklary

Myhmanlara edilýän hyzmatlaryň esasysy bu iýmitlendirmekdir – ol umumy çykdajynyň 25-10% göterimini öz içine alýar. Daşary ýurtly myhmanlary köplenç ýöriteleşdirilen restoranlarda, kafelerde amala aşyrylýar.

Daşary ýurtly jahankeşdeleriň iýmitlenmegi üçin birnäçe menýu (naharlaryň sanawy) düzülýär, ertirlik, günortanlyk hem-de agşamlyk naharlar.

Naharlar toplumy (sanawy) düzülende dürli ýurtlardan gelýän myhmanlaryň aýratynlyklaryna seretmeli. Mysal üçin Hindistandan we başgada birnäçe ýurtlardan gelýän syýahatçylar üçin hökman çaý bermeli, amerikanlylara bolsa kofe ertirlikden öň bermeli. Koreýsler – kofe ýa-da kakaowany düýbünden içmeýärler.

Köp ýurtlardan gelen myhmanlar – köplenç ertirlik, günorta naharynda, agşam naharlarynda hem mineral suwlary ýa-da miwe şirelerini içmegi halaýarlar, halaýarlar, şonuň bilen birlikde ýaponlar, mongollar, koreýsler mineral suwlary içmeýärler.

Çehleriň, wengerleriň, alžirleriň, ýegiptlileriň, eýranlylaryň köpüsi, ikrany (işbili), balyk önümlerini iýmeýärler. çehler, slowaklar, polýaklar, rumynlar, Daniýadan, Norwegiýadan gelen myhmanlar goýun etinden taýýarlanan naharlary halamaýarlar. Wengerler kiseli, rumynlar, souslary, iňlisler, gaýnadylan kolbasalary, blinçikleri, pelmenleri (etli bölekleri) iýenoklar, Koreýsler – bulýonlary, Şwedler, Norwegler – tworogdan taýýarlanan naharlary, iýmeýärler. Koreýsler tüwüden taýýarlanan nahary halamaýarlar, özleriniň naharlarynyň köpüsi tüwüden hem bolsa, Tüwini gaýtadan işlemegiň olara mahsus bolan usulyny ulanyp şol tüwini nahara ulanýarlar.

Arslanbek ROZYÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok