Saady Şiraza bagyşlanan çäre geçirildi

Şu gün, Eýranyň Medeniýet merkezi bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilelikde pars edebiýatynyň dünýä meşhur wekili Saady Şiraza bagyşlanan çäre geçirildi.

Çärede Sagdy Şirazynyň pars we türkmen dillerindäki bir kasydasyny beýan edýän kompozisiýa bilen açyldy. Çäräniň başynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory we EYR-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, EYR-nyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi çykyş etdi.

Dabaranyň dowamynda Saadi barada wideoşekiller görkezilip, onuň gazallaryndan döredilen aýdymlar ýerine ýetirildi. Şeýle hem ýazyjynyň «Gülüstan» eserinden hekaýat okaldy.

Mundan başga-da çäräniň barşynda «Türkmençe – parsça gepleşik sözlügi» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy, Saadynyň we Magtymguly Pyragynyň eserleriniň, dürli ýyllarda neşir edilen sözlükleriň sergisi hem boldy.

Çykyş edenlere dabaranyň ahyrynda guramaçylaryň adyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy. Çärä gatnaşan myhmanlara ýurduň milli tagamlary hödür edildi.

Kakajan KÖMEKOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok