Aşyklaryň şäherinde sport baýramy

Beýik gurluşyklaryň mekanyna öwrülen, dünýäniň ýüzünde ak paýtagt adyny alan, mümkinçilikleriň giňemegi bilen Ginnesiň rekordlar kitabynda at alan Aşgabat bu gün Aziýanyň merjeni hökmünde tanalýar. Bu günki gün ýurdumyzda geçýän hokkeý boýunça dünýä çempionatyna gelen myhmanlaryň gözlerinde entek uçardan düşmänkä üns çekibilýän paýtagtymyzyň goýny häzirki günlerimizde dabaraly sport ýaryşlary bilen has-da öz meşhurlygyny tapýar.

Aşgabat Aziýanyň merjeni, gurjak paýtgat,gözel paýtagt. Her gün gülli gujagynda müň bir myhman,müň bir syýahatçy gelip, geçip durna Aşgabat! Binagärlik-seýilgäh toplumy paýtagtymyzyň taryhy merkeziniň bezegi bolup durýar. “Ak şäherim Aşgabat” atly bina onuň esasyny düzýär. Aşgabadyň giň gujagy ala- ýaz, aýdym – saz, bu bolsa, bagtyýar halkymyzyň ruhy galkynyşynyň dowamydyr.

araşszylyk binasynyň gözellig bolsa, Garaşyzylyk toýmuza bäsleşýär, dabaralar geçirilip, toý pişmeleri paýlanýar.Binanyň töweregi suw çüwdürimleriniň toplumy bilen gurşalypdyr. Suwuň ýokarlygyna çüwdürilýän şekilleri sazlaşykly hereketiň, durmuş ösüşiniň nyşanyny özünde jemleýär.

Köpöwüşginli gül aýmançalary we ýaşyl meýdançalar, bezeg agaçlary bu ýeriň özüne çekijiligini artdyrýar hem-de aşgabatlylaryň öz şäherine alada we söýgi bilen garaýandygyny alamatlandyrýar.Ýurudmyzyň ýüregi bolan gözel paýtagtymyzda geçjek Garaşsyzlyk dabarasy bolsa, bizi raýat hökmünde buýsandyrýar.Hokkeý boýunça geçirilýän dünýä çempionatynda türkmen türgenleriniň görkezýän üstünlikleri bolsa, paýtgatymyzyň goýnuna gelen myhmanlarda hem-de türkmen halkynda has uly täsir galdyrýar. Ýaryş elbetde dowam edýär.

Onuň içinde türkmen türgenlerine üstünlikli ýeňiş gazanmagyan garaşylýandygy hemmämizi buýsandyrýar.Aşgabat özüniň çäklerini giňeldýär hem-de barha owadan, ýaşamak, zähmet çekmek we dynç almak üçin oňaýly, has arassa we bagy-bossan şähere öwrülýär.

Şäheriň töwereginde eýýäm el bilen döredilen tokaýlyklar ösüp ýetişýär, olaryň üsti her ýyl täze nahallar bilen ýetirilýär.Çünki Aşgabat gök tokaýlygyň mekany, Aşgabat Ginnesiň rekordlar kitabynda gözelligiň simwoly hökmünde öňe çykýan ajaýyp paýtagt şäheridir.Bu ajaýyp şäher ýaryşlar bilen has-da adygýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok