Elektron hökümetiň durmuşa ornaşdyrylmagynyň ähmiýeti

Dünýä ýüzünde we şol san-da biziň ýurdumyzda hem maglumat we aragatnaşyk serişdeleriniň giň gerime eýe bolmagy bilen ilata edilýän hyzmatlaryň hilini we elýeterliligini ýokarlandyrmak, hökümete degişli ulgamlaryň işiniň netijeliligini artdyrmak zerurlygy ýüze çykdy. Häzirki wagtda internetiň kömegi bilen ilatyň elektron aragatnaşyk serişdelerine elýeterliligi barha artýar.

Elektron hökümet — maglumat-kommunikasion tehnologiýalardan, şeýle hem pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamyndan peýdalanmak arkaly, döwlet edaralarynyň fiziki we (ýa-da) ýuridik şahslar üçin elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça işiniň üpjün edilmegine gönükdirilen guramaçylyk-hukuk çäreleriniň we tehniki serişdeleriň ulgamy;
diýlip Türkmenistanyň elektron hökümet hakyndaky kanunynda belgilenýär.

Elektron hökümetiň esasy maksady, raýatlara netijeli we tygşytly görnüşde jemgyýetçilik hyzmatlaryň ulgamyny hödürlemekden ybaratdyr. Elektron hökümet ilatyň döwlet bilen baglanşykly işlerde aç-açanlyga ýol açýar. Döwletiň aç-açanlygy möhümdir, sebäbi döwletiň näme işleri durmuşa geçirýändigi we syýasaty barada halka habar bermäge ýardam edýär. Ilatyň hökümet bilen baglanşykly ýüze çykýan käbir meselelerini elektron hökümetiň üsti bilen ýerine ýetirmek aňsatdyr. Aragatnaşyk hyzmatlary, bilim ulgamy, jemagat hojalygy we başgada birnäçe ulgamlarda wagty tygşytlamak we köp resminamalary çap etmezlik ýaly meselelerde ilat üçin elektron hökümetiň ähmiýeti örän uludyr. Elektron hökümet amallary ýönekeýleşdirmäge ýardam berýär we döwlet sektoryndaky edaralar hem-de raýatlar üçin hökümet maglumatlaryny aňsatlaşdyrýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda hem täze elektron döwrüň, ýagny sanly ulgamyň “çalt, amatly, arzan, elýeterli” ýörelgeleri bilen işleýän maglumat tehnologiýalary ýokary hilli jemgyýetçilik hyzmatlaryny bermek üçin hyzmat edýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda “Döwlet hyzmatlarynyň resmi portaly” (e-gov.tm) hereket edýär.

Bu portal döwletiň bilim ulgamy, saglygy goraýyş ulgamy, pasport hyzmatlary, transport, logistika we gümrük gullugy, maşgala we çagalar, jemagat hojalygy, iş üpjünçiligi, bank we maliýe ulgamy, hukuk kömegi, mahabat hyzmatlary ygtyýarnamalar, sport we medeniýet, milli elektron kommunikasiýa ulgamlary, kazyýet edaralarynyň onlaýn hyzmatlary ýaly ugurlardaky hödürleýän hyzmatlaryny bir ýere jemleýär.

Elektron hökümetiň durmuşa geçirilmegi ilkinji nobatda aşakdaky maksatlara eýedir:

  • Berilýän jemgyýetçilik hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak;
  • Ýüz tutýanlara hyzmat etmekde wagty tygşytlamak;
  • Ykdysady guramalaryň işinde administratiw päsgelçilikleri aýyrmak;
  • Elektron görnüşde berilýän döwlet hyzmatlarynyň sanawyny giňeltmek;
  • Raýatlaryň maglumat jemgyýetiniň ösüşine gatnaşygyny artdyrmak;
  • Ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak;
  • Hökümet işleriniň aç-açanlygyny ýokarlandyrmak.

Şeýlelik-de “Elektron hökümetiň” durmuşa ornaşdyrylmagy ilatyň durmuş kynçylyklaryny ýeňilleşdirmek, maglumat we aragatnaşyk ulgamlaryň we hyzmatlaryň ösdürilmegine, açyk jemgyýeti döretmäge gönükdirilendir.

Döwletgeldi Berdibaýew,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Döwlet gullugy akademiýasynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok