Türkmenistanyň milli ýygyndy topary 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň saýlama duşuşyklarynyň öňüsyrasynda — şu ýylyň martynda Birleşen Arap Emirliklerinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirmegi meýilleşdirýär.
Magomed Adiýewiň ýolbaşçylygyndaky Gazagystanyň milli ýygyndy topary hem martda Dubaýda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna başlaýar. Ýygyndynyň şeýle türgenleşikleri geçirmek bilen, baş maksady «Ýewro – 2024-iň» saýlama tapgyrynyň pleý-off böleginde Gresiýanyň garşysyna geçiriljek duşuşyga taýýarlanmakdan ybaratdyr. Toparyň taýýarlygynyň möhüm tapgyry Türkmenistanyň milli ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygy bolar. Oýnuň 14-nji martda guralmagy meýilleşdirilýär. Bu barada Gazagystanyň Futbol federasiýasy habar berýär.
Mergen Orazowyň tälimçiligindäki Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň Eýranyň garşysyna geçiriljek saýlama duşuşygyna taýýarlyk görjekdigini bellemelidiris. Milli ýygyndy toparymyzyň şu ýylyň 21-nji martynda geçiriljek «E» toparçanyň üçünji oýnunda myhmançylykda Eýranyň ýygyndysy bilen duşuşjakdygyny ýatladýarys. Ýygyndy toparlaryň jogap duşuşygy bolsa 26-njy dekabrda Aşgabatda guralar.
Dinar ÝAHIN,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler