Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi öz işine başlady

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýurduň Söwda-senagat edarasynyň Sergi zalynda çarşenbe güni Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi öz işine başlady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylary serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi zalynda geçirilýän bu sergide arassaçylyk serişdeleri we şahsy arassaçylyk önümleri, awtoşaýlar, çörek kärhanasy üçin enjamlar, daýhan hojalygy üçin enjamlar, daýhan hojalygy üçin süýt sagyjy enjamlar, gap-çanak, gözellik önümleri, gurluşyk materiallary, tehnikalar, jemgyýetçilik iýmiti üçin aşhana enjamlary, kanselýariýa harytlary, konditer önümleri, mebel, mesge ýagyny hem-de miwe şirelerini öndürmek we saklamak üçin enjamlar, öý hojalyk tehnikasy, senagat gaplama enjamlary, şokolad önümlerini, süýt önümlerini öndürmek we saklamak üçin enjamlar, zergärçilik önümleri üçin basyş formalary we Türkiýede öndürilen beýleki eksport harytlary görkezilýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi zalynda geçirilýän bu sergi 8-nji dekabra çenli dowam edýär.

Ymamagzam ÝAZGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok