Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan giň gerimli ykdysady özgertmeler döwletimiziň kuwwatyny has artdyryp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini barha ýokarlandyrýar. Türkmenistan ýurdumyz durnukly ykdysady ösüş ýolunda öňe sary ilerlemek bilen, dünýä ýurtlary bilen bu ugurda hyzmatdaşlygy alyp barýar. Diýarymyzyň ähli sebitlerinde täze obalary, şäherleri gurmak we beýleki maksatlar boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýurduň ykdysady we durmuş derejesini ylmy taýdan öwrenmek ugrunda ýola goýulýan işler geljekki ösüşlerimiziň binýadynyň berkdigine güwä geçýär. Häzirki wagtda ilatymyzy ýylyň dowamynda ter gök önümler bilen üpjün edýän döwrebap ýyladyşhanalaryň ençemesi gurulýar, olarda pomidor, hyýar, burç, badam, kömelek, gök otlar we beýlekiler ýetişdirilýär. Netijede bolsa döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän senagat düzümi kemala gelýär. Senagat taýdan täze önümçilikleriň sany barha artyp, täze zawod-fabrikler gurulýar, bar bolan çig mal gorlaryny peýdalanmaga gönükdirilen işler hem giň gerim alýar.
Hormatly Prezidentimiziň uly aladasy bilen il-ýurt bähbitli maksatnamalary durmuşa geçirmäge ägirt uly maýa serişdeleri bölünip berilýär, hususyýetçilik ösýär, kärhanalaryň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlanýar, senagat önümçiliginiň netijeliligi artdyrýar. Amala aşyrylýan şeýle netijeli işler döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň has gowy ýaşamagyny üpjün edýär. Obadyr şäherlerimiziň tanalmaz derejede özgerýändigi, gözelleşýändigi muňa aýdyň subutnamadyr.
Ýer we suw serişdelerini rejeli ulanmak meselelerine aýratyn üns berlip, oba hojalyk ekinlerini suw bilen üpjün etmek, tohumçylyk işlerini kämilleşdirmek boýunça işler ýola goýulýar, öňdebaryjy oba hojalyk usullary hem-de ylmy işläp taýýarlamalar işjeň ornaşdyrylýar. Suw serişdelerini rejeli peýdalanmak obasenagat toplumyny okgunly ösdürmegiň, daşky gurşawy goramagyň, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmagyň möhüm şerti bolup çykyş edýär. Oba hojalyk özgertmeleriniň çäklerinde ony düzümleýin özgertmegi kämilleşdirmek, şol sanda oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalarynyň, elewatorlaryň, mineral dökünleri öndürýän zawodlaryň ençemesi gurulýar. Daýhanlara, ýer eýelerine ýeňillikli şertlerde tehniki hyzmatlaryň hödürlenilmegi-de özüniň oňyn netijesini berýär, şeýle-de pudakda täze ykdysady şertlerde telekeçilik başlangyçlarynyň hemmetaraplaýyn goldanylmagy ata ýurdumyzyň ösüşine saldamly goşant bolup hyzmat edýär.
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler