«Aýtmatow we teatr» atly VI halkara teatr festiwaly geçiriler

Gyrgyz Respublikasynyň halk ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli 2023-nji ýylyň 7 — 12-nji dekabry aralygynda Bişkek şäherinde «Aýtmatow we teatr» atly VI halkara teatr festiwaly geçiriler. Bu halkara festiwala türkmen artistleri hem gatnaşar.

Halkara festiwala ýurdumyzyň adyndan wekilçilik etjek Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary halkara festiwalyň çäklerinde Çingiz Aýtmatowyň eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Ak gämi» atly sahna eseri bilen çykyş ederler.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygynyň orunbasary Baýramgeldi Çaryýewiň ýolbaşçylygynda halkara teatr festiwalyna gatnaşjak ildeşlerimiz 6 — 13-nji dekabr aralygynda Gyrgyz Respublikasynda iş saparynda bolarlar.

Ýeri gelende belläp geçsek, türkmen teatrlarynyň sahnasynda Çingiz Aýtmatowyň eserleri esasynda birnäçe oýunlar sahnalaşdyrylyp tomaşaçylara ýetirildi. Gyrgyz ýazyjysynyň «Ak gämi» atly sahna eseri boýunça Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda hem adybir oýun sahnalaşdyryldy. Türkmenistanlylaryň gyzgyn söýgüsini gazanan sahna eseri şu ýylyň 14 — 16-njy noýabrynda Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinde geçirilen «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwala gatnaşyjylara görkezildi.

Atajan GURBANOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok