Pakistanyň Hökümeti Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasyny höweslendirmek üçin aýratyn artykmaçlyklaryň berilýändigini mälim etdi.
Pakistanyň energetika we nebit ministri Muhammet Alynyň ýolbaşçylygyndaky Energetika komiteti taslama babatda birnäçe eglişige rusgat bermek çözgüdi tassyklady. Çözgüde laýyklykda Pakistanyň kabul ediji ýurduň şertnamasynyň halkara kadalarda bellenilen birnäçe artykmaçlyklaryndan boýun gaçyryp, beýleki taraplaryň bähbidine eglişik etmegine garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, Pakistanyň Hökümeti ýakyn wagtda gol çekiljek kabul ediji ýurduň şertnamasynyň (Host Government Agreement – HGA) çäginde «TAPI Pipeline Company Limited» (TPCL) konsorsiumyna ýörite artykmaçlyklary we ygtyýarlyklary bermäge taýyn. Bu artykmaçlyklar ýörite saparlar, maýa goýumlaryny goramak we tassyklamak ýaly möhüm taraplary öz içine alar.
Ýeri gelende belläp geçsek, TOPH gaz geçirijisiniň türkmen bölegi 200 kilometrden gowrak bolup, onuň gurluşygyna 2015-nji ýylda başlanyp, ol häzirki wagtda doly taýýar edildi. Taslamanyň indiki tapgyrynda gaz geçirijiniň 1639 kilometre barabar owgan we pakistan böleginiň gurluşygyny başlamak boýunça işler alnyp barylýar.
Agamyrat MEREDOW,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň mugallymy.
Teswirler