Ata-babalarymyzdan, merdana pederlerimizden miras galan Watanymyzyň ýagty ertiri biz ýaşlar bilen baglydygyny Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz her sözünde aýratyn nygtaýar. Bildirilýän bu ynam bize giň mümkinçilikleri açyp bermek bilen bir hatarda öňümizde okamak, öwrenmek, döretmek ýaly mukaddes borçlary goýýar. “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi hem TMÝG-niň ýörite şol kanunlara esaslanyp durmuşa geçirilýän işleriň özeninde ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, okuwda, döredijilikde ukyp başarnyklaryny görkezmekleri üçin mümkinçilikleri döretmek, zehinli ýaşlary tapawutlandyrmak ýaly asylly maksatlar durýar. Her ýylda geçirilýän ders bäsleşikleri, ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşigi, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň altyn asyry” bäsleşigi we başga-da birnäçe halkara onlaýn olimpiadalar, dürli gazet-žurnallaryň, pudaklaýyn edaralaryň yglan etmeginde yglan edilýän döredijilik bäsleşikleri sözümiziň aýdyň subutnamasydyr. Olaryň ýeňijileriniň hormat hatlary şeýle-de gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandyrylmagy ýaşlary täze üstünliklere ruhlandyrýar. Okamaga, öwrenmäge, döretmäge höwesli ýaşlaryň yzygiderli ýüze çykmagyna ýardam edýär. Döwletimiziň Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biz ýaşlara bildirýän ynamy mukaddesdir. Ony ödemek, döwrebap bilim alyp Watana, il-güne, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmek biziň mukaddes borjumyzdyr.
Ýazmyrat ARRYKOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby.
Teswirler