“Parahatçylygyň ýaş çaparlary” täze möwsümiň test synagy haçan geçiriler?

Bildiriş!

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň garamagyndaky Ýaş diplomatlaryň mekdebi tarapyndan mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsümine gatnaşmak üçin isleg bildiren okuwçylar bilen saýlap alyş test synaglarynyň «onlaýn» görnüşinde, şu aşakdaky tertipde geçiriljekdigini mälim edýäris.

Test synaglary şu salgylarda ýörite bellenilen otaglarda guramaçylykly görnüşde geçiriler:
20.09.2023 ý.Mary welaýatynda, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda;
20.09.2023 ý. – Balkan welaýatynda, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminde;
21.09.2023 ý. -Lebap welaýatynda, S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda;
21.09.2023 ý. -Daşoguz welaýatynda, Türkmen oba hojalyk institutynda;
22.09.2023 ý. -Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň okuwçylary bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda.
Test synagy şu aşakdaky ugurlar boýunça geçiriler:
a) Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi;
b) XVII-XVIII asyrlaryň Türkmenistan we dünýä taryhy;
ç) iňlis dili;
d) zehin-paýhas soraglary.

Test 100 soragdan ybarat bolup, ony çözmäge 60 minut wagt berler.

  Guramaçylyk topary.

Teswirler

Aysenem

Salam testin netijeleri hacan belli bolar?