Ajaýyp zamanda bagta ýar ýaşlar!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesilleriň kämil bilim almagy, watansöýüji, ýokary ahlakly, ilhalar adamlar bolup ýetişmegi ugrunda alyp barýan beýik başlangyçlary “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda kalplary buýsanja hem guwanja besleýär.

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde hem-de dünýä giňişligindäki abraýyny pugtalandyrmakda ýaşlaryň uly ornunyň bar. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlaryň öňünde goýan wezipelerine ygrarly, bagtyýar ýaşlara bildirilen ynama jogap edip, döredijilikli zähmet çekýärler.

Mälim bolşy ýaly, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň 1-nji sentýabrynda – Bilimler we talyp ýaşlar gününde Alym Arkadagymyz Arkadag Şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýaşlaryň gatnaşmagynda geçiren umumy okuw sapagynda hem ýaşlar syýasatynyň döwlet strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasynda taryhymyzy, medeniýetimizi hem-de däp-dessurlarymyzy oňat bilýän, oňa hormat goýýan, maşgala gymmatlyklaryna sarpa goýýan, kämil, beden we ruhy taýdan sagdyn şahsyýetleri kemala getirmek boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär.

«Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabymda-da ýaşlarymyzyň ylym-bilime, pähim-paýhasa, şöhratly pederlerimiziň asylly ýörelgelerine gyzyklanmalarynyň ýokary bolmalydygyna aýratyn ähmiýet berdim. Ylym-bilim bilen Watanymyza wepaly gulluk etmek beýik mertebedir. Her bir ynsanyň sagdyn bolmagy, ýaşaýyş hakdaky garaýyşlarynyň giňelmegi, zehinleriniň açylmagy we döwre, döwlete hem-de bagtyýar geljege mynasyp adamlar bolup ýetişmegi üçin örän ähmiýetli bolan terbiýäniň on iki görnüşini beýan edendigini nygtady. Olar şulardan ybarat: watançylyk terbiýesi; döredijilik we zehin terbiýesi; akyl we pikir terbiýesi; ylym terbiýesi; medeni aň-düşünje terbiýesi; kär-hünär terbiýesi; sungat terbiýesi; syýasy terbiýe; maliýe-ykdysady terbiýe; jemgyýetçilik terbiýesi; dil terbiýesi; ekologiýa, tebigata söýgi terbiýesi diýip, Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda belledi.

“Biziň geljegimiz ýaşlar bilendir. Ýaşlarymyz taryhy ösüşiň, döwlet syýasatynyň häzirki zaman meýillerini we möhüm ugurlaryny, binýat goýujy taglymlaryny özleşdirmelidirler. Günsaýyn özgerýän döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze nesli kemala getirmek her birimiziň borjumyzdyr”. Milli Liderimiziň bu parasatly jümleleri nusgalyk mekdepdir, ýörelgeli ýoldur, ýolumyza şamçyragdyr. Bagtyýar döwürde ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmekde alnyp barylýan ýeňişli menziller, gazanylýan üstünlikler bilen Türkmenistan Watanymyzyň durnukly ösüşini üpjün edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys.

Wiktoriýa TOÝLYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
Rus dili we edebiýaty fakultetiniň II ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok