Arkadag şäherinde akylly sport desgalary gurular

Akylly şäheriň gurluşygynyň täze tapgyrynyň dowam edýän döwründe, beýleki binalar bilen birlikde, sport we sagaldyş maksatly akylly desgalaryň hem gurluşygy göz öňünde tutulýar.
“Aşgabat”, “Köpetdag” ýaly köpugurly stadionlaryň, sport toplumlarynyň Arkadag şäherinde-de gurulmagy meýilleşdirilýär.
Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän sport desgalarynyň sanynyň barha artmagy, şol sanda ýaşlaryň hem bu işe höwesli gatnaşmagy, ýurdumyzda alnyp barylýan sagdyn durmuş ýörelgesiniň mynasyp durmuşa geçirilýändiginden nyşandyr.

Kakamyrat REJEPGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok