Ermenistanda türkmen halkynyň medeniýet günleri açyldy

2023-nji ýylyň 31-nji maýynda Ermenistan Respublikasynyň paýtagty Ýerewan şäherinde Türkmenistan döwletimiziň Medeniýet günleri açyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär. Bu baýramçylygyň açylyş dabarasy Ýerewanyň Aram Haçaturýan adyndaky uly konsert zalynda bolup geçdi. Bu dabara Ermenistanyň medeniýet we sungat işgärleri, taryhçy alymlary, sungatşynaslary we köňçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Medeniýet günleriniň çäklerinde iki ýurduň medeniýet ministrleriniň özara duşuşygy bolup geçdi. Duşuşygyň dowamynda iki döwletiň arasynda 2023-2025-nji ýyllarda iki ýurduň arasynda medeni gatnaşyklary ösdürmek hakynda ylalaşyk gazanyldy. Bu çäräniň iki doganlyk halkyň ençeme mümýyllyklar ozal emele gelen däp-dessurlarynyň, sungatlarynyň we medeniýetleriniň özara gatnaşygyny has-da giňeltmekde we iki ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde uly ähmiýete eýedir.

Rüstem NURYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok