Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty esasynda bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça köpugurly işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Sanly bilim ulgamyny ösdürmek bolsa, şol işleriň esasylarynyň biridir. Sanly bilimiň esasy daýanýan dersleriniň biri hem matematikadyr.
Ýurdumyzda ýaş nesle ýokary hilli bilim bermek we hünär öwretmek, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak üçin tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okadýan bilim ojaklarynyň sany barha artýar. Bu günki gün ylmyň, tehnikanyň güýçli depginde ösýän döwründe matematikany çuňňur öwrenmegiň zerurlygy has artdy. Bu bolsa matematika dersiniň çuňňur öwredilmegini talap edýär. Şonuň üçin talyplarda, okuwçylarda matematika dersini öwrenmäge höwes döretmek zerur bolup durýar. Şu jähetden matematika dersinden synpdan daşary geçirilmeli işleri talabalaýyk guramak hem häzirki wagtda zerur meseleleriň biri bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, tebigy we takyk ylymlaryň hataryna fizika, astronomiýa, himiýa, biologiýa, matematika, informatika ýaly ylymlar degişli edilýär. Bu ylymlaryň arasynda matematika aýratyn orun degişlidir. Belli alym N.I.Lobaçewskiniň aýdyşy ýaly: «Matematika — bu hemme takyk ylymlaryň gürleýän dilidir». Matematika (grekçe mathema — bilim, ylym) — bu ähli ylymlaryň esasy bolup hyzmat edýär. Zerur hasaplamalary geçirmän fizikany, himiýany, biologiýany we beýleki dersleri öwrenmek asla mümkin däldir. Haýsy ylmy öwrensek hem, haýsy kärde işlesek hem matematikany bilmek zerurdyr.
Mälim bolşy ýaly golaýda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde III Açyk halkara matematika olimpiadasy geçirildi. Güneşli Diýarymyzda ilkinji gezek geçirilen bu olimpiada ýekebara we toparlaýyn häsiýete eýe boldy. Oňa gözegçilik etmek üçin ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan eminler topary düzüldi. Olimpiadada türkmen talyplary 138 medal gazanmagy başardylar. Ildeşlerimiz bäsleşigiň ýekebara görnüşinde altyn medallaryň 20-sine, kümüş medallaryň 37-sine, bürünç medallaryň 63-sine mynasyp boldular. Toparlaýyn tapgyrda olar 2 altyn, 7 kümüş, 9 sany bürünç medaly eýelediler. Bu bolsa ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň barha kämilleşýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Aýlar ANNABERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler