Göýül dermanlyk ösümligi

Göýül derman ösümliginiň dünýäde, takmynan, 250 görnüşi bolup, Türkmenistanda onuň 1 görnüşine duş gelmek bolýar. Göýül — bu göýüller maşgalasyna degişli, boýy 10 — 150 santimetre ýetýän köpýyllyk ösümlikdir. Diýarymyzda ösümligi «göwül», «gyrmyzy goza» hem-de «tilkigarpyzy» diýip atlandyrýarlar. Osümligiň agaçlaşan esasy baldagyndan dürli tarapa şahalar ýaýraýar, olaryň uzynlygy 2 metre barabardyr. Göýül tegelek ýaprakly, solak-gülgüne reňkli güljagazly ösümlik bolup, onuň kök ulgamy güýçli ösendir.

Göýül haşal otlara degişlidir. Aprel — oktýabr aýlary aralygynda gülleýär we miweleýär. Gymmatly dermanlyk häsiýetlerini özünde jemleýän bu ösümligiň düzüminde haýal ereýän ýagyň ýodly birleşmesi, olein, lenol turşulary, gül-gunçasynda rutin, pektin, efir ýagy, C ýokumy, miwesiniň düzüminde miozin fermentleriniň, steroit glikozitleriniň bardygy alymlar tarapyndan anyklanyldy. Dermanlyk üçin göýüliň ýapraklary, güli miwesi hem-de kökleri ulanylýar.

Göýül tä sowuk düşýänçä gülläp, garpyza meňzeşräk kiçijik miwe getirýär. Onuň miwesi bişende ýarylýar, miwesiniň tagamy garpyzy ýatladýar. Bu ösümligiň dermanlyk häsiýetiniň bardygyny tebipler, lukmanlar gadymy döwürlerde anyklapdyrlar. Miwesini, gülüni, ýapragyny, köküni dürli keselleri bejermekde ulanypdyrlar. Ondan ýasalan melhemler gan basyşyny peseldiji, agyryny aýryjy, öt çykaryjy hökmünde, soguljanyň, aşgazan-içege sökellikleriniň, ysmazyň garşysyna ulanylýar.

Halk lukmançylygynda göýüliň köküniň suwda gaýnadylan erginini sarygetirmede, miwesiniň gaýnatmasyny bolsa, babasil keselinde ulanypdyrlar. Ösümligiň melhemlik häsiýeti bilen bir hatarda, iýmitlik ähmiýeti hem bar. Gaýry ýurtlarda onuň guta basylanlary öndürilýär. Olar, umuman, dürli nahara atylýan suwuk hurşuň esasy goşundylary hökmünde peýdalanylýar.

Kemal ANNAMYRADOW,

Aşgabat şäherindäki
Agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok