Himiýa senagatynyň döwrebap ösüşleri

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylymyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, himiýa senagatynda hem döwrebap ösüşler gazanylýar. Täze pudaklaryň kemala gelmeginde, dürli görnüşli bäsdeşlige ukyply daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, içerki bazaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrmakda giň islege eýe bolan önümleriň möçberleriniň artdyrylmagynda bu pudak uly orny eýeleýär. Barha uly ösüşe eýe bolýan oba hojalygynyň zerurlyklaryny doly kanagatlandyrmak, ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak babatda uly işler amal edilýär. Obasenagat toplumyny ýokary hilli mineral dökünleriniň dürli görnüşleri bilen üpjün etmek, onuň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak himiýa senagatyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadyr. Uglewodorod çig malynyň, beýleki tebigy baýlyklaryň örän baý gorlarynyň peýdalanylmagy, pudaga iň täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy öndürilýän önümleriň görnüşlerini ep-esli derejede artdyrmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda bu pudakda oba hojalyk önümlerini öndürýän kuwwatly kärhanalaryň birnäçesi hereket edip, olar üstünlikli işleýär. Şol öndürilýän önümler bolsa obasenagat toplumynyň dökünlere bolan isleglerini doly derejede kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, uly möçberde dökünleri eksport etmäge hem şert döredýär. Ýokary kuwwata eýe bolan Türkmenabadyň himiýa toplumynyň binýadynda mineral dökünleri öndürmek boýunça önümçilik barha artýar, çünki bu kärhana ýurdumyzda fosfor dökünlerini öndürýän ýeke-täk desgadyr. Öndürilýän serişdeleriň oba hojalyk ekinleri üçin örän möhüm bolup durýandygy sebäpli bu önümçiligiň mümkinçilikleri diýseň düşewüntlidir. Önümçilik bölüminiň taslama kuwwaty diňe bir ýurdumyzyň içerki zerurlyklaryny doly kanagatlandyrmak üçin däl-de, ýokary hilli önümi eksport etmäge hem mümkinçilik berýär. Mineral dökünleriniň düzümleriniň baýlaşdyrylan görnüşleriniň önümçilikleriniň ýola goýulmagy himiýa pudagynyň ýene-de bir möhüm ugrudyr. Garlyk dag-magdan käninde duz ýataklaryny özleşdirmek boýunça dag magdan baýlaşdyryjy toplumyň ulanmaga berilmegi hem ýurdumyzda kaliý dökünlerini öndürmäge uly mümkinçilik döretdi. Geljekde dünýä bazarynda uly islege eýe bolan kaliý dökünleriniň uly möçberini öndürmäge meýilleşdirilýän işler durnukly ösüşiň ygtybarly kepilidir. Häzirki wagtda Türkmenistan ýurdumyz daşky gurşawy goramak meseleleriniň çözgüdine örän jogapkärli çemeleşýär, şundan ugur alnyp hem, bu ugurdaky taslamalar durmuşa geçirilende ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine aýratyn üns berilýär. Mundan başga-da täze senagat kärhanalarynyň işe girizilmegi pudagyň eksport mümkinçilikleriniň ösmegine itergi berýär. Şeýlelikde, himiýa senagatynyň kärhanalarynyň ulanmaga berilmegi we döwrebaplaşdyrylmagy ýurdumyzyň tutuş senagatynyň ösüşine täze many-mazmun çaýýar, onuň hil taýdan çalt depginli ösüşini üpjün edýär, şeýle-de öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar. Munuň özi bolsa, milli ösüş maksatnamalarynyň mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirilmegini, ýurdumyzyň senagatlaşdyrmagyň ýolundan okgunly öňe gitmegini üpjün edýär.

Babageldi MYRADOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok