Üns beriñ! III açyk halkara matematika olimpiadasy

2023-nji ýylyñ 24-nji aprelinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdepleriniñ hem-de dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň talyplarynyñ gatnaşmagynda III Açyk halkara matematika olimpiadasy geçiriler.

Olimpiadanyň esasy maksady akylly we başarnykly ýaşlary kesgitlemekden, ýaşlaryň intellektual ösüşi bilen baglanyşykly geljekki hünärlerini saýlamaga şert döretmekden, ýokary okuw jaýlarynyň we aýry-aýry ylmy merkezleriň arasynda özara aragatnaşyk ösdürmekden ybarat bolup durýar.

Mundan başga-da bu halkara olimpiada Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistandan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Wengriýadan, Germaniýadan, Saud Arabystandan we Meksikadan 60-a golaý talyplar gatnaşar.

Şeýle hem III Açyk halkara matematika olimpiadasynyň ýapylyşy 28-nji aprelde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde dabaraly ýagdaýda geçiriler.

Kakageldi Akmyradow,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Teswirler

Mekan

Bu yarysa okuwcylaram gatnassa bolyamy