Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda biz ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almaklarymyz ugrunda ähli mümkinçilikler döredilýär. Galkynyşly döwrümizde pederlerimiziň ýörelgesi dowam etdirilip, Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde ýokary netijeler gazanylýar.
Garaşsyz döwletimizde ylym-bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde, ony dünýä derejesine ýetirmekde bitirilýän işleriň oňyn täsiri institutymyzyň gündelik durmuşynda-da duýulýar. Tejribeli mugallymlarymyz geljekki ýaş kärdeşleriniň ýokary taýýarlykly hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda yhlas-tagalla edýärler. Sanly bilim ulgamynyň netijeli mümkinçiliklerinden, öňdebaryjy iş tejribelerinden ýerlikli peýdalanylmagy biz, talyplara bilim berip, hünär öwredilmeginde ýokary görkezijileriň gazanylmagyna ýol açýar.
Biz ýaşlar hem häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ylmy-tehnologik enjamlary we okuw-tehniki serişdeleri bilen üpjün edilen mekdeplerde okuw tejribeliklerini geçýäris. Bu bolsa okuw sapaklarynda alan nazary bilimlerimizi has-da berketmäge, ylmyň gazananlaryny üstünlikli özleşdirmäge, gözýetimimizi giňeltmäge, ylym älemine bolan gyzyklanmamyzy artdyrmaga giň ýol açýar.
Goý, biz talyp-ýaşlar üçin ylmy-bilimi ösdürmäge, ýaşlary milli ruhda terbiýelemäge giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Akgül REJEPOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler