Owganystan «TOPH» taslamasyna başlamaga taýýardygyny mälim edýär!

«BaaghiTV pakistan» agentligi – «Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça işleri başlamaga taýýarlygy barada Owganystanyň şahtalar we nebit ministrliginiň habar berendigini mälim edýär.

Edaranyň wekili Homaýun Afgany taslamanyň durmuşa geçirilmegi üçin böwet bolan ýuridiki we tehniki päsgelçilikleriň aradan aýrylandygyny mälim edýär. Şeýle hem Owganystanyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Abdul Latif Nazari degişli ýurtlary we Bütindünýä bankyny «ähli taraplaryň sebit maksatlaryna ýetmegi üçin TOPH taslamasynyň maliýe tarapynda ünsüni jemlemäge çagyrdy».

Yslam Emirliginiň wekili Zabiulla Mujahidiň habar bermegine görä, TOPH turba geçirijisiniň taslamasyna gatnaşýan birnäçe ýurtlaryň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklaryň geçirilendigini habar berdi.

Owgan ykdysatçylary TOPH taslamasynyň ýurduň ykdysadyýetiniň ösmegi üçin möhümdigini belleýärler.

Ýyllyk kuwwaty 33 milliard kub metr boljak TOPH gaz geçirijisi «Galkynyş» türkmen gaz käninden başlap, Hyrat we Kandagar owgan şäherlerinden, Kwetta we Multan pakistan şäherlerinden geçirip, Hindistanyň günbatarynda Fazilka diýen ýere çenli çekiler. Umumy uzynlygy – 1814 km, şolardan 207 km Türkmenistandan, 774 km – Owganystandan we 826 km – Pakistandan Hindistanyň serhedine çenli geçer.

Wladimir ANNADURDYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok