Bedenterbiýe we sport – sagdyn nesil

Eziz ýurdumyzda Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda jem­gy­ýet­de sag­dyn hem-de iş­jeň dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ber­ki­dil­me­gi­ mö­hüm me­se­le­le­riň bi­ri hök­mün­de öňe sürülýär. Türkmen halkynyň Mil­li Li­de­ri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz spor­tuň dür­li gör­nüş­leri babatda ýaş­la­ra nus­galyk göreldedir. Mähriban Arkadagymyz bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň ada­my di­ňe be­den taý­dan tap­la­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, on­da güýç­li erk­li­li­gi, zäh­me­te söý­gi­ni we mak­sa­da ok­gun­ly­ly­gy ter­bi­ýe­le­ýän­di­gi­ni yzygider nygtaýar.

Häzirki wagtda sport tutuş dünýä ýüzünde äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gy, halkla­ryň ara­syn­da dost­luk gat­na­şyk­la­ry­ny we ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­gyň mö­hüm gu­ra­ly hökmünde çy­kyş ed­ýär. Arkadagly Serdary­my­zyň bu ul­gam­da dur­mu­şa ge­çir­ýän döwlet sy­ýa­sa­ty öz mi­we­le­ri­ni ber­mek bilen, türkmen spor­ty bu gün hil taý­dan tä­ze sep­git­le­re çyk­ýar, eziz Di­ýa­ry­myz iri hal­ka­ra sport ýa­ryş­lar­yň ge­çi­ril­ýän mer­ke­zi­ne öw­rül­ýär. Ýur­du­myz­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýäni we ýo­ka­ry de­re­je­li spor­ty ös­dür­mek­de alyp barýan beýik işleri ne­ti­je­sin­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si ata Wa­ta­ny­my­zyň okgunly ösüşlerine şert döred­ýän kuw­wat­ly güý­je öw­rül­di. Bu ul­gam­da öňe sür­ülýän oňyn baş­lan­gyç­la­r ýaş nesilleriň arasynda aýratyn gol­daw tap­ýar. Ýaşlaryň arasynda sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri, be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­mak en­dik­le­ri­ni ke­ma­la ge­tir­mek, şeý­le­lik­de, sag­ly­gy we ru­hu­be­lent­li­gi ber­kit­mek möhüm we­zi­pe­sdir. Çünki şeýle netijeli çözgütler eziz Wa­ta­ny­my­zyň gel­je­gi­ne gö­nük­di­ri­len mö­hüm ma­ýa go­ýu­my­ bolup, ýurdumyz­da ile­ri tu­tul­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­dyr.

Ýur­du­myz­da ila­ta hyzmat etjek hal­ka­ra öl­çeg­le­riň de­re­je­sin­dä­ki döw­re­bap sport desgalarynyň gurulmagy we döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy ýokary derejede alnyp barylýar. Şeýle-de mermer paý­tag­ty­myz­da we ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­de aja­ýyp sport top­lum­la­ry, sta­dion­lar, ýö­ri­te­leş­di­ri­len sport mek­dep­le­ri we beý­le­ki­ler gu­rul­ýar. Bi­lim we ter­bi­ýe­çi­lik eda­ra­la­ryn­da hem kämil de­re­je­de en­jam­laş­dy­ry­lan sport binala­ry hereket edýär. Şunuň bilen baglylykda, sport bi­len meş­gul­lan­mak üçin zerur bolan müm­kin­çi­lik­ler ýa­şa­ýyş jaý top­lum­la­ryn­yň ýa­na­şyk çäk­ler­inde hem bina edilýär. Bu­la­ryň ählisi bolsa, ýurdumyzyň sport ul­ga­myn­yň uly üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän­di­gi­niň, bagtyýar nesillerimiziň sagdyn durmuş ýö­rel­ge­le­ri­ne yg­rar­ly­dy­gy­nyň aý­dyň subutnamasy bolup, mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gin­e we hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar hem aba­dan dur­mu­şda ýaşamagynyň kepili bolup çykyş edýär. Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatda peder ýoluny dowamat dowam eýleýän Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys!

Şadurdy ARAZMUHAMMEDOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok