«Men we meniň gymmatlyklarym» atly düzme ýazmak bäsleşigi geçirildi

Ýakynda, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda BMG-niň resmi dilleri bolan iňlis, ispan, fransuz, rus, arap we hytaý dillerinde «Men we meniň gymmatlyklarym» atly düzme ýazmak bäsleşiginiň jemleri jemlenildi.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatsöýüjilikli daşary syýasatynyň esasynda Türkmenistan döwletimiziň BMG-niň ÝUNESKO guramasy bilen bilelikde ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynda ynsanperwerlik ýörelgelerini we parahatçylyk düşünjesini ýaýmak arkaly türkmen halkynyň maddy we maddy däl gymmatlyklaryny gorap saklamakda we nesilden-nesle geçirmekde alyp barylýan işlerini ýaşlarymyzyň arasynda wagyz etmek maksady bilen geçirilen bu bäsleşige 300-den gowrak talyp gatnaşdy.

Bäsleşikde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyp ýaşlary göreldeli çykyş edip, öz ukyp-başarnyklaryny görkezmegi başardylar.

Bäsleşigiň baş baýragyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Baýnazar Nepesow mynasyp boldy.

Laçyn GELDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok