«Google Translate» programmasynda türkmen dili oflaýn boldy!

«Google» kompaniýasy «iOS» we «Android» operasion ulgamlary bolan enjamlar üçin eýeçilikdäki «Google Translate» programmasyny kämilleşdirmegi dowam edýär. Bu gezek kompaniýa, türkmen we başga-da 32-den gowrak diliň oflaýn görnüşde terjimesini ýola goýmak bilen begendirmegi makul bildi.

Mundan beýläk, türkmençe dil paketini ýüklemek bilen internete birikmezden gündelik durmuşda gabat gelýän sözleri we uzyn tekstleri terjime etmek mümkin.

Belläp geçsek, «Google Translate» programmasyna 2020-nji ýylda türkmen dili resmi taýdan goşuldy.

Teswirler

Guwandykow Seyitbay

Gowy google translate turkmence dili oflayn bolsa.Malades kim seyle eden bolsa