Türkmenistanda geljek 7 ýylda 278,9 milliard manatdan gowrak maýa goýumlar özleşdiriler

Şu gün Ruhyýet köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Döwlet Maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda, geljek ýedi ýylda (2022 ― 2028-nji ýyllarda) 278,9 milliard manatdan gowrak maýa goýumlaryň özleşdirilmegi bilen, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatynyň has-da pugtalandyryljakdygyny aýdyp: «Bu döwürde zähmet haklarynyň möçberini 1,8 esse artdyrarys. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda 30 müňe golaý goşmaça iş orunlaryny dörederis. Adam başyna düşýän ýaşaýyş jaýlarynyň umumy meýdanyny 102,2 göterim artdyrarys. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 40-syny, orta mekdepleriň 54-sini, täze 4 sany ýokary hünär bilimi edarasyny, 10 sany döwrebap hassahanany, 7 sany medeniýet öýüni, şol sanda 500-den gowrak täze önümçilik we durmuş maksatly binalardyr desgalary gurarys»  diýip belledi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok