Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty» atly täze kitaby türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edildi.
Kitapda energetika pudagynyň mümkinçilikleri, taryhy, kemala gelşi, ösüşi hem-de geljegi barada giňişleýin maglumat berilýär şeýle hem energetika pudagyny döwrebaplaşdyrmak, döwlet syýasatynyň maksatlary, wezipeleri bilen ýakyn baglanyşyklylykda ykdysadyýetiň bu pudagynyň köpugurly, döwrebap düzümini döretmek boýunça geçirilýän yzygiderli çäreler anyk mysallarda beýan edilýär.
Täze kitapda, köp sanly anyk we statistiki maglumatlar getirilýär.
Kitap – Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çaphana usulynda neşir edilip, dürli fotosuratlar bilen bezelip, giň okyjylar köpçüligi — alym-energetikler, syýasatşynaslar, ykdysatçy alymlar, mugallymlar we talyplar üçin niýetlenendir.
Teswirler