Gazagystanyň paýtagty resmi taýdan üýtgedi

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ýurduň paýtagtynyň adyny üýtgetmek baradaky karara gol çekdi. Mundan birnäçe wagt öň ýurduň paýtagty Nur Sultandy.

Gazagystanyň prezidenti ýurduň paýtagtynyň adyny üýtgetmek baradaky karara gol çekensoň, ýurduň paýtagty Astana diýlip resmi taýdan yglan edildi. Bu kararlar bilen bir hatarda, ýurduň prezidentini indi 5 ýyl däl-de 7 ýyl möhlet bilen saýlamak baradaky kanun hem güýje girdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok