Iň kiçi restoran

Dünýäniň iň kiçi restorany Daniýanyň paýtagty Kopengagenda ýerleşýändigini bilýärdiňizmi? Şäheriň Westerbro etrabynda 2,3×3 metr ululygynda bir orunlyk restoran bar. Häzirki wagtda bu şäherde başga-da has kiçi restoranlar peýda bolýar.

Käbir habarlara görä, «Restauranten 1:1» atly restoran müşderilerine hyzmat edýär. Aslynda bu pikiri kim oýlap tapdyka? Dünýäniň iň kiçi restoranyny döretmek pikiri aşpez Uilýam Milstede degişlidir. Ol bu pikirini «Irma» söwda merkezi bilen hyzmatdaşlygynda amala aşyrýar. Restoran bir adamlyk bolup, onda diňe wagtyňy nahar iýmäge sarp etmeli bolýar. Bu ýerde müşderä, ofisanta hem-de baş aşpeze ýer bar.

.

Bereketgeldi BAÝRAMOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara
nebit we gaz uniwersitetiniň Energetika
we inženerçilik desgalar fakultetiniň
2-nji NGDSG hünäriniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok