Ata-babalarymyzyň asyrlardan-asyrlara sünnäläp geçiren milli gymmatlyklarymyz bolýan däp-dessurlarymyz, halymyz, ahalteke bedewlerimiz, alabaý itlerimiz barada Türkmenistanyň Prezidenti kitaplary ýazyp sowgat berdi. Bu eserlerde taryhy tapyndylara salgylanyp getirilýän deliller ylmy çeşme bolup gulluk edýärler we olaryň ähmiýetini has-da artdyrýarlar.
Taryhy nukdaýnazaryndan itler haýwanat dünýäsiniň iň irki eldekileşdirilen öý haýwanlarynyň hatarynda durýarlar. Olaryň süňk galyndylary we dürli serişde bilen ýerine ýetirilen şekilleri türkmen alabaý tohumynyň gadymylygyna subutnama bolýar. Itleri aw awlamak we hojalygy goramak niýeti bilen eldekileşdirýärler. Çarwa taýpalary öz mallarynyň sürülerine gözegçilik etmäge türgünleşdirýärler. Şeýdip Merkezi Aziýada “alabaý” adalgasy bilen çopan iti tanalýar. Zoologlar tarapyndan deňeşdirmesi esasynda ol IV müň ýyl ozal dörändigi kesgitlendi. Olaryň emeli seçimini özleşdiren ata-babalarymyz görnäçe zähmeti siňdirip, päk yhlasy bilen kämilleşdirip häzirki döwrümize ýetirdiler. Alym Ö.Gundogdyýewiň bellemegine görä, gulagy-guýrugy kesilen türkmen alabaý itleriniň şekilleri eýýäm II müňýylykda ýüze çykýar. Olaryň keşbi Jeýtun ýadygärliginde itiň grafiki şekili diwar suraty görnüşinde bolsa, Altyndepe ýadygärliginde itiň terrakota görnüşli heýkeljigi tapyldy. Paryzdepede çakmakdaşyň ýüzünde itiň suraty tapylýar. Häzirki günde çopan itleri dogabitdi we diňe olara mahsus häsiýetleri bilen jemgyýetiň hyzmatynda giňden ulanylýar. Türkmen Alabaý itiniň tohumy hakykatdan hem sungat derejesine ýetirilen milli gymmatlyklarymyzyň biridir.
Taryhyň täze sepgidinde berkararlyga eýe bolan Türkmenistanyň milli medeniýet ulgamy halkara hyzmatdaşlygyň ösmegine ýardam bermegi bilen bütindünýä medeniýetiň we sungatyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Öz gözbaşyny gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen milli medeniýeti we sungaty özboluşly owadanlygy bilen dünýä belli boldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda şekillendiriş sungatynda döredilýän eserleriň köpüsinde gadymy ruhy baýlyklarymyz öz beýanyny tapdy.
“Medeniýet milli ruhyň bize miras galan bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr. Türkmen medeniýetiniň gülläp ösmegi üçin ýurdumyzda ulgamlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösdürilmegine gönükdirilen giň gerimli işleriň giň tapgyry amala aşyryldy we aşyrylýar” diýip Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow medeniýet we sungat barada öz çykyşlarynda belläp geçýär.
Döredijilik gözlegleri we meýilleriň täzeligi bilen tapawutlanýan çeper eserleri häzirki günde halypa we ýaş suratkeşleriň gol astyndan ýüze çykýar. Şol sanda, Wepaly atly alabaýyň nepislik bilen ýasalan heýkeli ak mermerli Aşgabadyň bir künjegini bezäp dur. Ol ynsanyň iň wepadar, gaýduwsyz we edermen dostunyň çeper keşbini şöhlelendirýär.
.
Ýazgül Ýusupowa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy.




Teswirler