Ýurdumyzda ýene-de 24 desga hususylaşdyrylar

27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak hakynda kanunçylygyna laýyklykda, döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwdalary geçirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde bu bäsleşikli söwda geçiriler. Bäsleşikli söwdada Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň, Suw hojalygy komitetiniň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Lebap, Daşoguz hem-de Mary welaýat häkimlikleriniň desgalary satuwa çykarylýar.

Bu bäsleşikli söwdada kesgitlenen iň ýokary başlangyç bahaly desga Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen ýyladyşhana toplumydyr. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine degişli bolup, 2018-nji ýylda gurlan bu desganyň başlangyç bahasy 60,7 million manatdyr. Iň pes kesgitlenen başlangyç bahaly desga “Marygurluşyk” önümçilik birleşiginiň 9-njy gurluşyk-gurnama müdirliginiň naharhanasy bolup, onuň bahasy 19,1 müň manat bolup durýar.

Döwletmyrat BAHTYÝAROW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok