Limon hakynda gyzykly maglumat

  • Limon agajynyň ömri 50 ýyla çenli bolup, ýazda gülleýär, tomusda miwe berip başlaýar, güýzde we gyşda bolsa ýaşyl reňkli miweleri saralýar.
  • Limon agaçlary her ýyl 600 litr limon suwuny öndürýär.
  • Limon şiresinde 5 göterim kislota saklanylýar.
  • Dünýädäki iň agyr limon 2003-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda  Ysraýylyň Kefar Zeitm fermasynda ösdürilip ýetişdirilen  miwedir. Ýagny, bu miwäniň agramy 5 kilogram 265 gram diýip hasaba alyndy.
  • Limon miweleri gülläninden 4-12 aý aralygynda bişýär.
  • Fransiýanyň Riwer şäheriniň Menton şäherçesinde her ýylyň fewral we mart aýlarynda limon baýramy bellenip geçilýär.
  • Dünýäde limon öndürmekde öňdebaryjy 5 ýurt: Hindistan, Meksika, Hytaý, Argentina we Braziliýadyr.
  • Limon agajy 3-5 ýyldan soň miwe berip başlaýar.
  • Limony gadymy döwürlerde gaty seýrek bolany üçin ony patyşalara sowgat hökmünde berlipdir.
  • Limonyň kislotaly we süýji görnüşi bolup, kislotaly limon täjirçilik taýdan ösdürilip ýetişdirilýär, süýji limon bolsa bagbanlar tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýär.
  • Hindistan limon ösdürip ýetişdirmekde dünýäde öňdeligi eýeleýän ýurt bolup her ýylda 3 million tonna limon hasyly alynýar.
  • Bir limonda ortaça C witamin 22 kaloriýa töweregi bolup, adamlara her gün 139 kaloriýa C witamin gerekdir.

Hurşida NARMETOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok