Bitaraplyk — bu biziň parahatçylyga, asudalyga bolan söýgimiz

Bitaraplyk — bu biziň parahatçylyga, asudalyga bolan söýgimiz. Hemişelik Bitaraplygymyzyň eşret-höziri ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň ösüşinde, halkara gatnaşyklarynda hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylmagynda we berkemeginde aýdyň ýüze çykdy. Ýagny, Bitaraplyk ýyllary içinde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda düýpli özgermeler durmuşa geçirildi.

Bitaraplyk milli bähbitleri amala aşyrmagyň has kabul ederlikli nusgasy bolmak bilen, ýurdumyzyň taryhy, geosyýasy, medeni ýörelgelerine laýyk gelip, dünýä giňişliginde, şeýle hem içerki ösüşde Türkmenistanyň üstünlikleriniň inkär edip bolmajak we möhüm şertleriniň biri bolup durýar.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ähli ugurlar boýunça halkara hukugyň ýörelgeleriniň we kadalarynyň kämilleşdirilmegine ýardam edýär. Bitaraplygyň düzgünleri içerki ösüşiň we daşarky ugruň strategik wezipelerini çözmekde, halkara durmuşyň esasy taraplaryny milli bähbitler bilen utgaşdyrmakda ýurdumyzyň ileri tutulýan garaýyşlarynyň esasy bolup durýar.

Umuman, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy dünýä nusgalyk syýasat ugry bolup hyzmat edýär. Ýurdumyz BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga hem öz mynasyp goşandyny goşýar. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň her gününde eşretli zamananyň hözirini görüp ýaşaýan agzybir halkymyzyň ähli raýatlary taryhy wakalaryň we ýurdumyzyň ýagty geljeginiň hatyrasyna gönükdirilýän oňyn başlangyçlaryň şaýady bolýarlar.

Her ýylda agzybir türkmen halky Bitaraplyk baýramyny uly şatlyk-şowhun bilen belläp geçýär. Bu ýyl hem halkymyz Bitaraplygymyzyň şanly 26 ýyllygyna uly zähmet üstünlikleri bilen barýar.

.

Gülälek BAÝRAMOWA,

Döwletmammet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
 uzak gündogar dilleri kafedrasynyň müdiri.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok