Häzirki wagtda ýurdumyzda çagalaryň mynasyp durmuşy üçin ähli şertler döredildi. Olaryň abadançylygyny we bagtyýarlygyny üpjün etmek, kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegi hem-de öz mümkinçiliklerini doly açmagy üçin ähli şertleri, şeýle hem her bir çaganyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek üçin goşmaça şertleri döretmek wezipesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň ýokary derejesine çykaryldy. Şu mynasybetli hem şu hepde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasyna degişli bolan ýaş hukukçylar gurnagynyň guramagynda halkara çagalaryň gününe bagyşlanyp hepdelik geçirildi. Gurnagyň agzalary hem-de kafedranyň mugallymlary hepdäniň dowamynda birnäçe mekdeplerde çagalaryň hukuklary dogrusynda okuw sapaklaryny gurnadylar.
.
Çeper MEREDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň III ýyl talyby.
Teswirler