Dogry iýmit endikleri

Dogry iýmitlenmek diňe bir peýdaly azyk önümlerini iýip-içmelidigini aňlatmaýar. Ulanyljak iýmiti dogry saýlamagyň,saklamagyň, taýýarlamagyň, kabul etmegiň hem öz düzgünleri bar. Bu düzgünler “dogry iýmit endikleri” diýlip atlandyrylýar.

Ikinji nobatda, gündelik ulanylýan iýmitiň düzüminde ýaşaýyş üçin derwaýys maddalaryň zerur mukdarda bolmagyny, bedende olaryň balansynyň saklanmagyny üpjün etmeli. Meselem, iýmitiň 60%-ni uglewodlar, 25%-ni ýaglar, 15%-ni beloklar emele getirmelidir.

– Günüň dowamynda gök önümleriň 300-400 gramyny çig we bişirilen görnüşde iýmeli. Her gezekki naharyňy gök önümlerden taýýarlanan işdäaçarlardan başlamaly.

– Süýt önümleriniň ýagy alnan ýa-da ýagy az bolanlaryny ulanmaly.

– Her gün irden 1 käse arassa suwy ajöze içmeli. 20 minutdan soň ertirlik naharyny edinmek mümkindir.

– Iýmiti oňat çeýnäp, haýallyk bilen iýmeli.

– Nahardan ýarym sagat öň we soň çaý, kofe içmeli däl. Bu içgiler iýmitiň düzümindäki witaminleriň, mikroelementleriň täsirini gaçyrýar.

– Almany diňe maňzynda däl, eýsem, gabygynda hem peýdaly maddalar saklanýar. Onuň çigidi bolsa galkan şekilli mäziň funksiýasyny gowulandyrýan ýoda baýdyr. Şoňa görä, bu miwäni gabygy we çigidi bilen iýmek peýdalydyr.

ÇIG ÖNÜMLER PEÝDALYMY?

Dünýäde sagdyn ýaşamak üçin iýmiti çigligine iýmegi ündeýän adamlar sanardan kän. Olar gök we bakja önümlerini, gök otlary, miweleri, eti we balygy çigligine iýmek arkaly ähli keselleri dep edip boljakdygyna, ömri uzaltmagyň, sagdyn we bagtly ýaşamagyň mümkindigine ynanýarlar. Eger bu pikir dogry bolsa, onda näme üçin lukmanlar hemme adamlara şeýle iýmitlenmegi maslahat bermeýärler. Olar çig önümleri iýmegiň bedene diňe bir peýdaly täsir etmän, eýsem, uly zyýan ýetirip hem biljekdigine oňat düşünýärler.

ARTYKMAÇLYGY:

1.Witaminlere baý.
2.Içegeler işjeňleşýär.
3.Göreç ýitileşýär.
4.Iýmit ýeňil özleşýär.

KEMÇILIGI:

1.Nutriýentler ýetmezçilik edýär.
2.Dowamly keseller ýitileşýär.
3.Diş syrçasy zaýalanýar.
4.Käte bişirilen gök önümler çiginden tagamlyrak bolýar.

NETIJE:

Ter gök önümleri we miweleri hökman ulanmaly. Ýöne peýdaly täsir etmegini gazanmak üçin olary mydama çigligine iýmek hökman däl. Çig önümleri bişirilenler bilen gezekleşdirmeli. Tomusda miweleri we gök önümleri köp iýip, gyşyna gyzgyn naharlara ürç etmeli. Arasynda alma, banan, mandarin, apelsin ýaly miweleri iýmeli.           

ÇIG ÖNÜMLER BILEN IÝMITLENIŞIŇ 5 GÖRNÜŞI

1. WEGAN

Bu ugra eýerjiler mal önümlerinden bütinleý ýüz öwrüp, diňe çig ösümlik önümlerini ulanýarlar.

2. WEGETARIAN

Çig gök önümleriň, miweleriň üstüne käte süýt we dorog hem goşulýar.

3. ÇÄKLENDIRILMEÝÄN BERHIZ

Islän zadyňy: et, ýumurtga, balyk, gök önümleri, miweleri, süýt önümlerini we ş.m.iýmek rugsat edilýär. Ýöne olary diňe çigligine ýa-da kakadylan, guradylan görnüşlerde ulanmak ündelýär.

4. POLEOLIT EÝÝAMYNYŇ BERHIZI

Çigligine iýilýän esasy iýmit: balyk, et, ýumurtga we deňiz önümleri. Miweleri we gök önümler gündelik iýmitiň 3/1 bölegini emele getirýär.

5. MIWE BERHIZI

Bu berhizi mydamalyk düzgüne öwren adamlar esasan ter miweler, hozlar, ir-iýmiş we käbir gök önümler: pomidor, hyýar, süýji bolgar burçy bilen iýmitlenýärler.

.

Dawut NAZMYRADOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok